- pudak
- [pu:dak]1) Ösümligiň, agajyň ownujak şahasy, baldagy, çybyk.∙ Wüşi kel ýüzüni galdyryp, alma baglarynyň pudaklarynyň arasyndan yşgalaňlaýan güne seretdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ot alan gamşyň ýalny, onuň arasyndaky çygar gyzganyň hem pudaklaryny köýdürjekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Bir işiň, ylmyň, önümçiligiň aýratyn, özbaşdak bir bölegi, ugry, oblasty.∙ Täze bäşýyllykda halk hojalygynyň birentek pudaklarynyň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri, bir tarapdan, hut biziň üstünlikli işlemegimize baglydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem pudak - pudagy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.